Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy

  • 20.04.2022 13:22
  • 6.6k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow maslahatlar zalyna gelip, hemmeleri şu günki çäräniň açylmagy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Gün tertibine Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri anyklaşdyrmak, onuň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, assosiasiýanyň düzümine täze agzalary kabul etmek hem-de guramaçylyk bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek we olaryň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakyndaky giňişleýin çykyşy tamamlanandan soňra, assosiasiýanyň dünýä döwletlerinde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Soňra mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.


şu gün 14:09
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady...

18.08.2025 16:25
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň çaklamalaryna görä, awgust aýynyň 18-inden 24-i aralygyndakky hepdede ýurdumyzda üýtgäp durýan howa bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlaryň bolmagy ahmal...

18.08.2025 15:46
5.3k+

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Mary welaýatyna Hojanepes Ataýew we Remezan Işankulyýew wekilçilik eder

Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi...

18.08.2025 10:22
12k+

Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Astanada "Silk Way Star" bäsleşigine gatnaşar

Gazagystanyň paýtagty Astanada “Silk Way Star” atly birinji Aziýanyň wokal bäsleşigi badalga alýar, bu ýaryş Azerbaýjandan Günorta Koreýa çenli — 12 ýurtdan zehinleri birleşdirer. Türkmenistana wekilçilik etmek hormaty meşhur aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýewe miýesser etdi...