Türkmenistanyň biržasy elektron söwdany giňeltmek üçin täze saýty işe girizdi

  • 19.04.2022 12:04
  • 15k+

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy (TDHÇMB) elektron söwdany giňeltmek we dellallara goşmaça maglumatlary bermek üçin täze saýty işe girizdi. Bu barada TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçen ýygnagynda söwdalaşyklar başlamazdan öň bildiriş edildi diýip, ORIENT ýazýar.

Tmex.gov.tm saýtynda söwdalaşyklar we kotirowkalar hakyndaky maglumatlary dessin almaga mümkinçilik bar. Şeýle hem ulanyjylara analitiki we beýleki wajyp maglumatlary ugradyp durarlar. Häzirki wagtda saýtda mugt bellige alyş ähli ulanyjylar üçin açykdyr.  Platformada birža harytlary baradaky bildirişleri ýerleşdirip, şeýle hem türkmen öndürijileriniň önümlerini sargyt edip bolýar. Her bir ulanyjy satyjy hökmünde-de, alyjy hökmünde-de çykyş edip bilýär.
Zerur önümleri nebithimiýa, gurluşyk harytlary, ýeňil senagat, oba hojalygy, maşyngurluşyk, hyzmatlar, iýmit önümleri, elektronika, dokma we mebel bölümlerinden aňsatlyk bilen gözläp bolýar.


düýn 14:24
2.1k+

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

düýn 13:44
12k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

düýn 13:28
1.1k+

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

01.07.2025 14:51
9.1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...