Dünýäde söwdanyň ösüş depgini tas iki esse peseler

Dünýäde söwdanyň ösüş depgini tas iki esse peseler

Bütindünýä söwda guramasy (BSG) 2022-nji ýylda global söwdanyň ösüş depgininiň öň garaşylan 4,7%-den 2,4 – 3%-e çenli peseljekdigini çaklaýar. Bu barada BSG-niň sekretariatynyň Ženewada neşir edilen hasabatynda aýdylýar. Muny Day.Az ýetirýär.

“Bu çökgünlik global JIÖ-iň ösüş depgininiň 0,7 – 1,3 göterim punkt peselmegine getirip biler, netijede ösüş 3,1% bilen 3,7%-iň aralygynda bolar. Bu modelirlemä görä, şu ýyl global söwdanyň ösüş depgini tas ýarysyndan peselip biler: geçen ýylyň oktýabr aýyndaky çaklamalarda bellenilen 4,7%-den 2,4 – 3%-e çenli” – diýip, BSG-niň sekretariaty belledi.

Bellenilişi ýaly, söwdanyň we önümçiligiň göwrüminiň azalmagy azyk önümleriniň we energiýanyň bahalarynyň ýokary bolmagy, şeýle-de Russiýa hem-de Ukraina tarapyndan eksport edilýän harytlaryň elýeterliliginiň azalmagy sebäpli tutuş dünýä ilaty tarapyndan duýlar. Esasanam, adam başyna düşýän girdejisi pes bolan döwletler üçin ýagdaý kyn bolar, sebäbi olar baý ýurtlara garanyňda girdejileriniň ep-esli bölegini azyk önümlerine sarp edýärler. “Bu syýasy durnuklylyga täsir edip biler” – diýip, hünärmenler belleýär.

Olar Russiýa bilen Ukrainanyň “esasy önümler”, aýratynam azyk önümleri we energiýa bilen üpjün edijilerdigini ýatlap geçdiler. “Russiýanyň we Ukrainanyň eksporty üçin esasy ugur bolan Ýewropa ykdysady netijeleriň esasy kynçylygyny çeker” – diýip, sekretariat belleýär. Hasabatyň awtorlary gowşak sebitler hökmünde Afrikany we Ýakyn Gündogary hem bellediler, sebäbi olar Russiýadan we Ukrainadan zerur bolan dänäniň ýarysyndan gowragyny import edýärler.