Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi barada Ähtnamany taýýarlamaga gatnaşýarlar

  • 19.03.2024 17:03
  • 4k+

Mejlisiň deputatlary Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak üçin zerur bolan Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi barada Ähtnamanyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşýarlar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Ähtnamany işläp taýýarlamak boýunça Iş topary döredildi.
BSG-e goşulmaga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan Aziýanyň Ösüş bankyndan, BSG-niň öz işgärlerinden we beýleki guramalaryň işgärleri tarapyndan tehniki goldawy alýar.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylda Türkmenistana BSG-de synçy statusy, 2022-nji ýylda bolsa goşulýan ýurt statusy berildi.
BSG-e goşulmak içerki reformalary geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge, Türkmenistanyň daşary söwdada ornuny berkitmäge ýardam eder.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......