Boeing ýylyň birinji çärýeginde 95 sany uçar satdy we 167 sany sargyt aldy

  • 14.04.2022 19:21
  • 8.6k+

Amerikanyň Boeing awiakonserni ýanwar-mart aýlarynda 167 uçar üçin sargyt aldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Geçen ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 77 uçar sargyt edilipdi, bu ýyl bolsa şu döwür içinde sargyt edilen uçarlaryň sany 95-e ýetdi diýip, Boeingiň materilallarynda görkezilýar. Sargytlaryň we üpjün edilen uçarlaryň agramly bölegi 737 MAX nusgaly uçarlardan ybarat.

Şeýle-de bolsa, Boeing 141 sany uçara edilen sargydy öz hasabatyndan aýyrmaly boldy, esasy sebäbem uçarlar Russiýanyň awiakompaniýalaryna ugradyljakdyr diýen şübhe bilen baglydyr diýip, Seattle Times neşiri belleýär. 

Şonuň bilen birlikde, Ýewropanyň Airbus aerokosmiki konserni ýylyň geçen çärýeginde 83 sany täze sargyt aldy we 142 sany uçar satdy.

Boeingiň paýnamalary sişenbe güni geçen söwdalaşyklarda 1,9% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrylmagy 11,4% , ýagny $103,3 mlrd-a çenli gysgaldy.


17.01.2026 16:47
3.3k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

08.01.2026 21:04
4.6k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy...

02.01.2026 12:14
5k+

Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar...

08.11.2025 09:37
5.4k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi...