Filippinlerde «Megi» tropiki tupanynyň netijesinde pidalaryň sany 76-a ýetdi

Filippinlerde «Megi» tropiki tupanynyň netijesinde pidalaryň sany 76-a ýetdi

Filippinlerde 920 700-den gowrak adama tropiki «Megi» apy-tupanynyň täsiri ýetdi. Respublikanyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini öňünden duýdurmak we netijelerini ýok etmek boýunça milli maslahatyň penşenbe güni çap bolan hasabatynda aýdylyşyna görä, 76 adam heläk bolupdyr.

Pudagyň maglumatyna görä, harasat dokuz sebiti öz içine alypdyr. 204 müňden gowrak adam 660 sany ewakuasiýa merkezine göçürilipdir. Heläk bolanlaryň köp sanlysy we 28 sany nam-nyşansyz ýitenler baradaky maglumatlary anyklamak işi henizem dowam edýär. Gündogar Wisaýi sebitinde heläk bolanlaryň sany hasam köp — 72 sany, olaryň ýene üçüsi — Dawaoda we biri — Günbatar Wisaýide.

«Megi» 354 jaýa zyýan ýetirdi — zyýanyň deslapky bahasy 709,5 müň peso ($13,5 müň), 487 sany suw joşma we 71 sany kenar süýşgüni bellige alyndy. Bäş sebitiň oba hojalygyna ýeten zyýanyň bahasy 134,9 mln peso ($2,58 mln) diýip hasaplandy. Tebigy betbagtçylygyň zarbyna 189 gara ýola we ýedi köprä zeper ýetdi. 75 şäherde elektrik energiýasynyň, üç şäherde bolsa suwuň üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy.

Sekiz sebitiň häkimiýeti 186 okuw jaýynda sapaklaryň we 138 kärhanada işiň togtadylandygyny mälim etdi. 41 sany gämi duralgasynyň işi ýatyryldy. Döwlet tarapyndan kömek üçin 19,4 mln peso ($373 müň) bölünip berildi.

10-njy aprelde tropiki «Megi» apy-tupany Filippinleriň gündogar bölegindäki Samar, Biliran we Leýte adalarynyň başyndan inipdi. Filippinleriň Atmosfera, geofiziki we astronomiki gulluklar müdirliginiň berýän maglumatyna görä, onuň çäginde şemalyň aňrybaş tizligi sekuntda 20,8 metre, wagtal-wagtal bolsa sekuntda 29,1 metre ýetdi.