Toyota dünýädäki awtomobil önümçiligini 10% azaldar

  • 14.04.2022 09:26
  • 12k+

Ýaponiýanyň iň uly awtokonserni Toyota Motor şu ýylyň maý aýynda dünýädäki zawodlarynda awtomobil önümçiligini 700 müňe çenli ýa-da ilkibaşda meýilleşdirilen derejeden 10% azaldar. Bu barada Nikkei gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň içindäki kärhanalarda awtomobil önümçiligi, takmynan, 200 müň birlik azalar. Şeýle-de, maý aýynda Toyota-nyň daşary ýurtlardaky zawodlarynda konweýerlerden 500 müň awtomobil çykmaly, bu bolsa çak edileninden 100 müň birlik azdyr.

Neşiriň bellemegine görä, şeýle tendensiýanyň sebäbi Ukrainada ýörite harby hereketleri başlandan soň üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy, şeýle-de käbir ýurtlarda, şol sanda Hytaýda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäklendirmeleriň gaýtadan girizilmegi boldy.

2021-nji ýylda Toyota 10 495 548 awtomobil satdy, bu hem dünýäde iň ýokary görkeziji boldy. Şol bir wagtyň özünde, täze awtomobilleriň önümçiligi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% ýokarlandy we 10 076 246 birlige ýetdi.


şu gün 09:57
2.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......