Telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergä hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşdy

  • 13.04.2022 05:50
  • 8.6k+

12-nji aprelde Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler gök we bakja önümleriniň, miweleriň, şol sanda ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň önümçiligini artdyrýarlar. “Ter”, “Ýigit”, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetleriniň, “Has”, “Erkin gurluşyk”, “Miweli ülke”, “Altyn gala gurluşyk”, “Altyn tug”, pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýän “Kanagatly nesil” kärhanalarynyň we beýlekileriň sergide görkezilýän ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalar — “Ýokary tilsimatlar” merkezi, “Adyl açar”, “Milli ulgam”, “Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi” we beýlekiler öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar.

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek bolýar.

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen maslahatda birleşmäniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Maslahatyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemleri-de jemlendi.


24.03.2026 16:33
7.2k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.3k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...