Honda 2030-njy ýyla çenli her ýylda 2 milliondan gowrak elektromobil öndürmegi maksat edinýär

  • 12.04.2022 22:20
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň Honda awtokonserni 2030-njy ýyla çenli elektromobil önümçiliginiň ýyllyk görkezijisini 2 mln birlikden geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada awtokonserniň saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.

Mundan başga-da, Honda 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriň 30 sany täze modelini hödürlemegi göz öňünde tutýar. Bu maksatlara ýetmek üçin 10 ýylyň dowamynda gözleglere we işläp düzmelere, takmynan, 8 trln iýena möçberinde maýa goýum gönükdiriler (takmynan, $63,7 mlrd).

2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde “Nikkei” gazeti Honda-nyň 2040-njy ýyla çenli täze satuwyny diňe elektromobiller we ýangyç elementlerinde işleýän awtomobiller bilen çäklendirmekçidigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde 2020-nji ýylda awtokonsern 4,45 mln ulag serişdesini satdy, elektromobilleriň we ýangyç elementlerinde işleýän awtomobilleriň paýy olaryň arasynda 1%-den az boldy.


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......