Coca-Cola piksel tagamly içgini çykardy

  • 11.04.2022 23:45
  • 9.9k+

Coca-Cola kompaniýasy Zero Sugar Byte içgisiniň täze tagamyny hödürledi. Kompaniýa munuň Coca-Cola-nyň metaälemde döredilen we pikselleriň tagamyna eýe bolan ilkinji tagamydygyny aýdýar.

Täze tagamdan başga-da, çüýşäniň bezegi hem üýtgedi. Kompaniýa PWR bilen hyzmatdaşlykda Fortnite Creativ-de Pixel Point adasyny döretdi. Piksel Coca-Cola-synyň özi Fortnite metaäleminde dört sany mini-oýnuň çäginde peýda bolar.
Pikselleriň tagamyny hemmeler dadyp bilmez, sebäbi ol çäkli san bilen we käbir ýurtlarda satylar. Içgi 2-nji maýdan ABŞ-da peýda bolar, Hytaýa bolsa 23-nji maýda baryp ýeter.
Özboluşly Coca-Cola Zero Sugar Byte-y alan žurnalistler we blogerler tagamyň Coca-Cola-dan we Red Bull-dan kokteýli ýatladýandygy baradaky pikire geldiler.

düýn 20:09
3.1k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar...

düýn 20:07
4.1k+

Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär. Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy...

düýn 17:40
1.9k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

düýn 17:28
1.5k+

Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi. Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar...