Türkiýe goňşy döwletlere eksporty artdyrýar

  • 11.04.2022 23:23
  • 7.4k+

Türkiýäniň şu ýylyň birinji çärýeginde goňşy Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa eksporty 5,6 mlrd dollara ýetdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,4 göterim köpdür. Bu barada Anadolu agentligine salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Eksportçylar birleşiginiň maglumatlaryna görä, mart aýynda eksport geçen ýyl bilen deňeşdirilende 19,8% ýokarlanyp, 22,7 mlrd dollara ýetdi. Bu respublikanyň taryhynda mart aýy üçin iň ýokary aýlyk eksport görkezijisidir. 
Ýanwar-mart aýlarynda Türkiýäniň eksporty 60 mlrd 288 mln dollara ýetdi, bu hem birinji çärýekde daşary ýurtlara iberişiň rekord görkezijisi boldy. Bellenilen döwürde Türkiýäniň Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa eksporty 5,636 mlrd dollar boldy. 
2021-nji ýylyň degişli döwründe bu ýurtlara eksport 4,323 mlrd dollar boldy. Ýanwar-mart aýlarynda goňşy döwletlere eksport 30,4% ýokarlandy. 
Birinji çärýekde Türkiýäniň esasy importçysy Yrak boldy – 2 mlrd 446 mln 554 müň dollar. Onuň yzyndan Bolgariýa, Gresiýa, Eýran, Gruziýa we Siriýa gelýär. Goňşy döwletleriň arasynda Türkiýäniň himiýa senagatynyň önümleri uly islegden peýdalandy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda 6 goňşy döwlete Türkiýäniň himiýa senagatynyň önümleriniň eksporty 856 mln 548 müň dollar boldy. 
Ondan soň däneli ekinleriň, noýbanyň, ýag alynýan çigitleriň we önümleriň eksporty – 807 mln 448 müň dollar we polat eksporty gelýär – 525 mln 456 müň dollar.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

27.05.2026 14:21
5.5k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......