Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar

  • 11.04.2022 14:07
  • 11k+

Pýotr Ýan we Hamzat Çimaýew UFC 273 turnirinde eden çykyşlary üçin kriptowalýutada bonuslary gazandylar. Türgenlere baýragy özara hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäklerinde UFC bilen Crypto.com bilelikde gowşurar. 

7-nji aprelde kriptowalýutany çalyşmak boýunça platforma turniriň iň oňat üç sany pälwanynyň tomaşaçylaryň sesleriniň netijeleri boýunça bitkoinde $30 müň aljakdyklaryny mälim etdi. Ses berlişikde birinji ýer alan pälwan $30 müň alar, beýleki ikisi bolsa, degişlilikde $20 müň we $10 müň alarlar. 
Netijede, janköýerler Çimaýewe birinji ýeri berdiler. Ýan üçünji ýere düşdi, ikinji ýeri bolsa awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski aldy.
Çimaýew UFC 273 turnirde braziliýaly Gilbert Býornsi utdy. Ýan aşa ýeňil agramda UFC-niň çempionynyň guşagyny almak ugrundaky titul  üçin tutluşykda, eminleriň karary bilen, amerikaly Aljameýn Sterlingden utuldy. Wolkanowski günorta koreýaly Çon Çhan Sondan üstün çykyp, ýarym ýeňil agramlykda UFC-niň çempionynyň titulyny üçünji sapar gorady. 
Crypto.com - kriptowalýutany çalyşmak boýunça elektron platforma. UFC-den başga-da, ol "Formula-1" yzygiderli ulag çapyşyklary, italýan futbol A Seriýasy, "Filadelfiýa Sewenti Siksers" basketbol kluby, "Monreal Kanadiens" hokkeý topary we "Pari Sen-Žermen" futbol kluby bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglanyşdy.


düýn 08:32
11k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
9.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.2k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....