Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara haja gitmäge rugsat berdi

  • 09.04.2022 10:28
  • 16k+
Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara haja gitmäge rugsat berdi

Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara soňky üç ýylda ilkinji gezek haja gitmäge (Mekgä zyýarat etmek) rugsat berdi. Bu barada Haj we Umra işleri boýunça ministrlige salgylanyp, Saudi Press Agency habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, haj parzyny berjaý etmäge rugsat berilýän zyýaratçylaryň sany 1 mln adama çenli artdyryldy.
Şeýlelikde, şu ýyl COVID-19-a garşy sanjym alan 65 ýaşdan kiçi adamlar Mekgä zyýarat edip bilerler. Zyýaratçylar gelenlerinden soň koronawirus üçin PZR-barlagynyň otrisatel netijesini görkezmeli bolarlar.
Belläp geçsek, Saud Arabystany 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli patyşalygyň daşyndaky zyýaratçylar üçin hajy ýatyrypdy. 


düýn 20:47
4.9k+

Er-Riýadda 92 müň orunlyk stadion gurulýar. Tomaşaçylar onuň üçeginde gezelenç edip bilerler

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda patyşa Salmanyň adyny göterjek stadionyň gurluşygy yglan edildi. 92 000 adamlyk kuwwatly täze desgany 2029-njy ýyla çenli tamamlanmak meýilleşdirilýär. Onuň dizaýny Las-Wegasdaky...

20.11.2024 11:11
19k+

Dünýäde iň baý şa maşgalasynyň baýlygy Maskyň we Geýtsiň bilelikdäki baýlygyndan 4 esse köp

Saudlar hökmünde belli bolan Saud Arabystanynyň dolandyryjy şa nesilşalygy dünýäniň iň baý patyşa maşgalasydyr. Olaryň arassa kapitaly 1,4 trln ABŞ dollaryna barabar. Bu bolsa Ilon Maskyň we Bill Geýtsiň baýlygyny...

05.11.2024 16:44
15k+

Oazisiň jümmüşindäki şäher: Saud Arabystanynda 4400 ýyllyk şäher tapyldy

Saud Arabystanynda ýerleşýän Haýbar oazisinde arheologlar 4400 ýyl mundan ozalky gadymy şäherçäniň galyndylaryny tapdylar. Al-Nata adyny alan bu şäherçe  1,5 gektar meýdany eýeläpdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 2400...

05.11.2024 10:05
27k+

Saud Arabystanynda gar ýagdy

Çölleriň we düýeleriň mesgeni bolan Saud Arabystanynyň demirgazyk sebitlerinde gar ýagdy. Gar El-Jauf sebitini örtdi we bu ýerli ýaşaýjylar üçin hakyky garaşylmadyk waka boldy. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine...