ESPN «Mançester Ýunaýted-iň» täze baş tälimçisiniň adyny aýtdy

  • 07.04.2022 11:41
  • 10k+

Niderlandly Erik ten Hag tomus «Mançester Ýunaýtediň» täze baş tälimçisi bolar. Bu barada öz çeşmelerine salgylanýan ESPN ýazýar.

«Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylygy möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gitjek, nemes Ralf Rangnikiň deregine «Aýaksyň» 52 ýaşly tälimçisini saýlady. Mart aýynda ten Hag iňlis klubunda gürrüňdeşlikde boldy.
Maurisio Poçettino (PSŽ), Luis Enrike (Ispaniýanyň ýygyndysy) we Ýulen Lopetegi («Sewilýa») dagy bilen bilelikde Ten Hag MÝ-nyň täze baş tälimçisiniň wezipesine dalaşgärleriň gysga sanawyna girýärdi.
Ten Hagyň «Aýaks» bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Niderlandly hünärmen klubuň baş tälimçisiniň wezipesini 2017-nji ýylyň 28-nji dekabryndan bäri eýeleýär. Hünärmen ozal niderlandlaryň «Utreht»-ine we «Gou Ehed Igls»-ine, şeýle-de, «Bawariýanyň» ikinji toparyna tälimçilik edipdi.
2018/19 we 2020/21 möwsümlerde «Aýaks» onuň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň çempionatyny utdy we ýurduň Kubogyna eýe boldy. Mundan hem başga, amsterdamly klub 2018/19 möwsümde Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çenli baryp ýetdi.
Rangnik geçen ýylyň noýabrynda, Ule Gunnar Sulşeriň ornuna, MÝ-nyň baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji boldy. Klub 30 oýunda 51 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynda ýedinji ýeri eýeleýär. MÝ Çempionlar ligasynda «Atletiko»-dan ýeňilip, 1/8 finaldan gaýtdy.


şu gün 13:33
1.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy

ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady...

düýn 11:10
6.9k+

«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy...

düýn 08:36
4.5k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady...

29.06.2025 14:18
4k+

«Çelsi» we «Palmeýras» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň çärýek finalynda duşuşarlar

San-Paulu şäheriniň «Palmeýras» we Londonyň «Çelsi» toparlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji çärýek finalçylary boldular. 1/8 final tapgyrynda «Palmeýras» Rio-de-Žaneýro şäheriniň «Botafogo» toparyny ýeňdi...