Google ygtybarsyz maglumat çeşmelerine garşy göreşi güýçlendirer

Google ygtybarsyz maglumat çeşmelerine garşy göreşi güýçlendirer

Google ýalan maglumatlara garşy göreş gurallaryny güýçlendirmegi dowam etdirýär. Geçen ýyl kompaniýa algoritmleri üçin şübheli mazmuny ygtybarsyz diýip belleýän funksiýany hödürledi. Şoňa görä-de, maglumat çeşmesi hem bellenilýär.

Indi häzirlikçe diňe amerikaly ulanyjylar üçin Google mazmuny görkezmegiň täze düzgünlerini girizdi. Haçan-da sorag edilende çeşmäniň ygtybarlydygyna göz ýetirmek üçin awtory, ol barada maglumatlary gözlemek boýunça teklipler çykýar. “Habarlar” programmasynda “Esasy habarlar” görnüşinde bellenilýän mazmun görkeziler. Bu mazmuny ösdürmek üçin esasy şert bolsa ony dürli neşir tekstlerinde ýygy-ýygydan agzamak bolar. 
Mundan başga-da, şeýle bellik bilen asyl mazmun, derňewler, interwýu, resmi metbugat relizi we beýleki formatlar belleniler.