Yrak mart aýynda nebit eksportyndan girdeji gazanmakda rekord goýdy

  • 03.04.2022 15:54
  • 5.7k+

Mart aýynda Yrak nebitiniň eksporty ýurda soňky 50 ýylda rekord derejeli girdeji – 11 mlrd ABŞ dollary getirdi, nebit önümçiliginiň möçberi 100 mln barrelden geçdi. Bu barada Yragyň nebit ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi diýip, 1prime.ru belleýär.

“Mart aýynda çig nebitiň umumy eksport möçberi 100 mln 563 müň 999 barrel boldy, girdeji 11,07 mlrd dollara ýetdi, bu bolsa 1972-nji ýyldan bäri gazanylan iň uly pul mukdary” – diýlip, relizde görkezilýär. 

Hasabat döwründe eksportyň gündelik möçberi nebit barreliniň 110 dollar ortaça bahasynda 3,244 mln barrele barabar boldy.

Nebit ministrliginiň maglumatlaryna görä, Yrak fewral aýynda soňky iki ýylda eksportyň iň ýokary möçberine ýetdi, ol günde 3,314 mln barrel boldy. Şol bir wagtyň özünde fewral aýynda Yrak 2014-nji ýyldan bäri 8,54 mlrd dollar möçberinde iň ýokary eksport girdejisini aldy.


düýn 12:32
4.4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.7k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....