Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar

  • 31.03.2022 19:25
  • 6k+
Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar

Häzirki 2021-2022-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlanýar) Hindistanyň smartfon eksporty öňki ýyl bilen deňeşdirilende 85% ýokarlanar we 5,6 mlrd dollardan geçer. Bu barada Hindistanyň Öýjükli aragatnaşyk serişdelerini we elektron harytlaryny öndürijileriň assosiasiýasy (ICEA) habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“COVID-19 pandemiýasy sebäpli lokdaunlaryň, işçi güýjüniň azalmagynyň we daşary ýurtlardan toplumy düzüjileriň, şol sanda mikroshemalaryň we ýarym geçirijileriň üpjünçilik zynjyryndaky düýpli çökgünligiň fonunda eksportyň ösüşi gazanylar” – diýip, “Business Standard” gazeti Assosiasiýanyň ýolbaşçysy Pankaj Mahindrunyň sözlerini getirýär.

Öň Hindistan özüniň smartfon eksportyny Günorta Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna gönükdirdi. Häzirki wagtda bu önümleriň üpjünçiligi üçin günbatar ýurtlarynyň we Aziýanyň uly döwletleriniň bazarlary ileri tutulýar diýip, Mahindru aýtdy.

“Smartfon eksportynyň ösüşi Hindistanyň daşary ýurtlara çig mal harytlaryny satmakdan ösen senagat pudaklary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologik önümleriň üpjünçiligine kem-kemden geçýändigini görkezýär” – diýip, ol belledi.

Hindistan smartfon çykarmak boýunça önümçilik bazasyny ýokarlandyrmak üçin Samsung, Foxconn we Pegatron ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.


20.11.2024 13:23
4.2k+

Xiaomi dekabr aýynda Redmi Note 14-i dünýä bazaryna çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi 2024-nji ýylyň dekabrynda "Redmi Note 14" görnüşli smartfonynyň hindi bazarynda satuwa çykaryljakdygyny tassyklady. Bu şeýle görnüşli smartfonlaryň global paýlanyşynyň başlangyjy bolar diýip, gizmochina...

19.11.2024 13:18
4k+

Hindistan smartfon eksportyny görlüp-eşidilmedik derejede - 70% ýokarlandyrdy

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Hindistandan smartfon eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 70 göterim ýokarlanyp, rekord goýdy. Bu barada Hindi öýjükli aragatnaşyk birleşiginiň (ICEA) maglumatlaryna salgylanyp...

16.11.2024 20:29
14k+

Mekdep partasyndan aşhana: Hindistanda öňki mugallym ýurduň iň baý ýutuber zenany boldy

Uttar-Pradeş ştatyndan (Hindistan) öňki mugallym, 65 ýaşly Nişa Madhulika Hindistanyň iň baý ýutuber zenany boldy. The Economic Times neşiri onuň baýlygynyň 430 million rupiýa (takmynan 5 million dollar) bolandygyny...

08.11.2024 11:32
11k+

Hindistanda gurluşykçylar Mogollar imperiýasyna degişli hum tapdylar

Hindistanda gurluşykçylar gazuw işlerini geçirýärkä, tötänleýin Mogollar döwründen galan hum tapdylar. Bu waka Uttar-Pradeş ştatynyň Çaubara şäherinde bolup geçdi diýip, Heritage Daily ýazýar. Tapyndy gudrat bilen...