Astronawt Wande Haý HKS-de bolmak boýunça ABŞ-nyň rekordyny täzeledi

  • 31.03.2022 13:05
  • 9.1k+

Astronawt Mark Wande Haý bir uçuşyň dowamynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça ABŞ-nyň rekordyny täzeledi. ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasynyň (NASA) habar bermegine görä, 30-njy martda bu möhlet 355 gün boldy.

“NASA-nyň astronawty Mark Wande Haý we “Roskosmosyň” iki kosmonawty Anton Şkaplerow bilen Pýotr Dubrow HKS-de missiýalaryny tamamladylar we “Soýuz MS-19” kosmos gämisi “Rasswet” modulyndan üstünlikli arany açandan soň, Ýere dolanmak üçin ýola düşdüler” – diýip, Milli edaranyň saýtynda bellenilýär.

Habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde “Soýuz MS-18-de” Halkara kosmos stansiýasyna gelen Wande Haý watandaşy Skott Kelliň 2013-nji ýylyň 2-nji martynda goýan rekordyny täzeledi. Skott Kell stansiýada ondan 15 gün az boldy. 

NASA astronawtyň bir uçuşyň dowamynda HKS-de bolan 355 gününiň içinde stansiýanyň Ýeriň daşyna 5680 aýlaw edendigini we jemi 240 mln km-den gowrak ýoly geçendigini hasaplady. Amerikaly astronawt üçin bu eýýäm orbita ikinji uçuş boldy, umumylykda ol kosmosda 523 gün boldy.

“Roskosmosyň” maglumatlaryna görä, bir uçuşyň dowamynda orbital stansiýada bolmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordy russiýaly Waleriý Polýakowa degişli. Ol “Mir” toplumynda 437 gün boldy (1994-nji ýylyň ýanwar aýyndan 1995-nji ýylyň mart aýyna çenli).


düýn 23:16
3.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

düýn 17:17
4.4k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 18:12
5.9k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.3k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....