Brýus Uillis kesel sebäpli karýerasyny tamamlaýar

  • 31.03.2022 13:05
  • 13k+

Amerikaly aktýor Brýus Uillis afaziýa – sözleýşiň bozulmagyna getirýän kesel sebäpli karýerasyny tamamlaýar. Bu barada aktýoryň gyzy Rumer Uillis Instagram-da ýazdy diýip, TASS habar berýär.

“Biziň gadyrdan Brýusymyz saglyk näsazlygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Onda kognitiw ukyplaryna täsir edýän afaziýa diagnozy goýuldy. Şunuň netijesinde we uzak pikirlenmeden soň, Brýus karýerasyny tamamlaýar” – diýip, ol habar berdi.

Uillis 19-njy martda 67 ýaşady. Soňky hepdelerde onuň saglyk näsazlygyny başdan geçirýändigi barada gürrüňler ýaýrap başlady.

düýn 18:27
2.2k+

Horror žanryndaky kitaplaryň awtory Stiwen King gowy görýän 10 filmini paýlaşdy

Amerikaly ýazyjy Stiwen King X sosial ulgamynda öz gowy görýän filmleriniň sanawyny hödürledi diýip, Deadline habar berýär. Awtor sanawa öz eserleriniň ekranlaşdyrmasyny goşmady: “Mizeri” (1990, režissýor Rob Raýner), “Ýanymda gal” (1986, režissýor Rob Raýner, “Beden” powestiniň ekranlaşdyrmasy), “Şouşenkden gaçyş” (1994) we “Ýaşyl milýa” (1999, ikisi-de – režissýor Frenk Darabont)...

düýn 18:10
2.1k+

Roblox platformasy TikTok-a meňzeş gysga wideo hyzmatyny – Moments-i hödürledi

Iň uly oýun onlaýn platformalarynyň biri bolan Roblox platformanyň içine goşulan Moments gysga wideo ulgamynyň beta-wersiýasyny hödürledi. Bu barada DigiDay saýty habar berýär. Hyzmatyň işe girizilendigi barada San-Hosede geçirilen kompaniýanyň maslahatynda yglan edildi...

düýn 17:55
5.2k+

Şwesiýadaky batgalykda bäş müňýyllyk “wagt kapsulasy” tapyldy

Şwesiýada arheologlar Gerstabergdäki Ýerna sebitinden uzakda bolmadyk batgalykda taryhdan ozalky predmetler bilen “wagt kapsulasyny” tapdy diýip, Heritage Daily habar berýär. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde agaç pürsünden, paýadan ýasalan desgalar we örülen önümler tapyldy, olaryň ýaşy, takmynan, 5 müň ýyla barabar diýlip hasaplanýar...

düýn 17:47
770

Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň esasyndaky önümleri üçin üç möhüm täzelenme hödürledi. Esasy täzelik Gemini çat-botunyň audio ýazgylaryna düşünip, olary tekste öwrüp bilmegi boldy. Indi ulanyjylar transkribasiýa üçin audiofaýllary ýükläp bilýär...