ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar

  • 29.03.2022 20:23
  • 9.7k+

Waşington ştatynyň gubernatory Jeý Insli resminama gol çekdi, oňa laýyklykda, 2030-njy ýyldan başlap, benzin we dizel bilen işleýän ýeňil ulaglary we ýeňil ýük ulaglaryny satmaklyk we bellige almaklyk gadagan edilýär diýip, NBC News habar berýär.

"2023-nji ýylyň 31-nji dekabryndan gijikmän elektromobiller boýunça pudagara utgaşdyryjy maslahat 2030-njy ýyla çenli öňde goýlan maksada ýetmek üçin deslapky meýilnamany tamamlamaly" diýip, Waşington ştatynyň häkimiýeti mälim etdi.

Kanunlaryň täze bukjasy diňe bir içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglary satmagy we bellige almagy gadagan etmek bilen çäklenmän, gibrid-elektriki ýolagçy paromlarynyň dört ugruny döretmegi, elektromobillere zarýad berilýän birnäçe müň beketleri guramagy, 18 ýaşa çenli ýolagçylaryň jemgyýetçilik ulagyndan mugt peýdalanmagyny üpjün etmegi we beýlekileri hem göz öňünde tutýar.
Waşington ştatynda içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglary ulanmagy gadagan etmäge synanyşygyň baryp 2021-nji ýylyň aprel aýynda başynyň başlanandygyny-da aýtmak gerek. Emma şonda gubernator kanunyň taslamasyny ret edipdi.
Gol çekilen resminamanyň benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglaryň diňe bir satuwyny däl, eýsem, bellige alnyşyny hem gadagan etmegi göz öňünde tutýandygy gyzyklydyr.
Munuň özi Waşington ştatynyň ilatynyň awtoulaglary başga ýerden satyn alyp, soň ony arkaýyn ýaşaýan ýerinde bellige aldyrmak wariantyny aradan aýyrýar.
Owalam Amerikanyň birnaçe ştatynyň däp bolan içinden ot alýan hereketlendirijili awtoulaglara gadaganlyk girizmek boýunça meýilnamalaryny mälim edendiklerini bellemek gerek. Mysal üçin, Kaliforniýada, Massaçusetsde we Nýu-Ýorkda 2035-nji ýylda şeýle ulaglardan ýüz öwürmek meýilleşdirilýär.


şu gün 11:43
382

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....