Kosmonawt Oleg Kononenko: «Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga örän şat bolardym»

  • 19.03.2022 16:47
  • 16k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmos işleri boýunça “Roskosmos” Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.

«Saýlawlaryň demokratik, açyklyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçendigini köp sanly daşary ýurtly synçylar tassykladylar. Saýlawlar ýurduňyzyň mundan beýläk-de halkara ornunyň pugtalandyrylmagy, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, Siziň ajaýyp topragyňyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin ses beren Türkmenistanyň raýatlarynyň jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň we öňdengörüjiliginiň aýdyň beýany boldy» diýmek bilen, Oleg Kononenko Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine hem-de geljekki 30 ýyl üçin ösüşiň strategik maksatlaryna ýetiljekdigine pugta ynam bildirip, «Ata Watanymyzyň — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe gitmegine goşant goşmaga hemişe taýýardyryn hem-de Siziň bilen duşuşyga örän şat bolardym» diýip, gutlagyny jemledi. 


şu gün 12:25
547

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 18:14
2.9k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
6.6k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
2.7k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......