Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlaryň ilkinji onlugynda

  • 18.03.2022 23:47
  • 35k+

Global Petrol Prices-iň (GPP) görkezýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda benziniň bahasy dünýäde iň arzan bahadyr — bu görkeziji boýunça ýurt birinji onluga girýär.

GPP-niň 14-nji martda çap bolan hasabatyna görä, Türkmenistanda benziniň bir litriniň bahasy amerikanyň 0,428 dollaryna barabardyr.
Wenesuela dünýäde benziniň iň arzan ýeridir. Ol ýerde benziniň bir litriniň bahasy amerikanyň 0,025 dollaryna deňdir.
Dünýäde benziniň iň gymmat ýeri Gonkong, ol ýerde ýangyjyň bahasy Türkmenistandakydan ýedi esse gymmatdyr: bir litri 2,879 dollar. Benziniň iň gymmat ýurtlarynyň birinji onlugyna Monako, Niderlandlar, Finlýandiýa, Lihtenşteýn, Germaniýa, Italiýa, Norwegiýa, Gresiýa we Daniýa girýär.
Iň arzan benzinli ýurtlara birinji nobatda Wenesuela girýär, şeýle-de bu sanawa Türkmenistandan başga-da, Liwiýa, Eýran, Siriýa, Alžir, Angola, Kuweýt, Gazagystan we Nigeriýa ýaly ýurtlar degişlidir.
Dünýä boýunça benziniň ortaça bahasy şu günki günde litri amerikanyň 1,32 dollary diýip hasaplanýar. Dürli ýurtlarda benziniň bahalarynyň arasyndaky tapawut ýangyja salynýan salgytlaryň we subsidiýalaryň dürli görnüşlerine baglydyr. «Ähli ýurtlar benzini halkara bazarynda birmeňzeş bahadan satyn alýar, ýöne salýan salgytlary dürlüdir. Şol sebäpli hem benziniň bölek satuwynda bahalar üýtgeýär» — diýip, GPP düşündirýär. 


27.06.2025 18:52
3.2k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy.  Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa...

20.06.2025 23:37
8.4k+

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi...

07.06.2025 13:13
2.4k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...

30.05.2025 10:53
3.1k+

Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar

“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...