«Barselona» — «Aýntraht», Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

  • 18.03.2022 23:23
  • 8k+

Ýewropa ligasynyň çärýek finalynda «Barselona» futbol kluby «Aýntraht» germen kluby bilen duşuşar. 1/4 final tapgyrynyň bijeleri şu gün Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Şweýsariýadaky Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.

Beýleki çärýek final duşuşyklarynda germanlaryň «Leýpsig» kluby italýanlaryň «Atalanta», iňlisleriň «West Hemi» fransuzlaryň «Liony», portugallaryň «Bragasy» şotlandlaryň «Reýnjersi» bilen duşuşar.
Ýewropa ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Leýpsig»-«Atalanta» we «Braga»-«Reýnjers», ikinji ýarym finalda «West Hem»-«Lion» we «Aýntraht»-«Barselona» jübütleriniň ýeňijileri duşuşar.
1/4 final tapgyrynyň birinji oýunlary 7-nji aprelde, jogap oýunlar 14-nji aprelde geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriler. Final duşuşygy 18-nji maýda Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler.


düýn 18:26
2.8k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.9k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......