Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi

  • 18.03.2022 00:21
  • 10k+

Hytaýdaky relizden bir aý geçenden soň, Xiaomi ahyrsoňy öz flagmanynyň - Xiaomi 12 Pro-nyň global wersiýasyny hödürledi. Gurluş kompaniýanyň öz bazaryndaky wersiýalar bilen deňeşdirilende känbir üýtgeşmä sezewar edilmedi. Munda-da şol öňki ýaly, täzelenişi 120 gers tizlikli we 1440 r. razreşeniýeli 6,73 dýumlyk LTPO OLED-displeý oturdylan.  

Xiaomi 12 Pro-nyň esasyna toply çip Qualcomm çipi - Snapdragon 8 Gen 1 goýlan. Şu ýagdaýda onuň operatiw ýady 8-den 12 GB çenli - hemişelik ýady 256 GB çenli. Şeýle-de, smartfonyň akkumulýatorynyň göwrümi 4600 mAч-dan ybaratdygyny bellemek gerek. Çalt zarýad berijisi hem bar: simlisi 120 Wt-lyk we simsizi 50 Wt-lyk. 

Täze smartfonyň surata alyş mümkinçiligi öňküligine galdyrylan. Ony üç sany 50 Mp modully esasy kamera amala aşyrýar. Frontal kamerasy - 32 Mp-lik.

Onuň bahasy garaşylyşy ýaly - Xiaomi 12 Pro-nyň baza wersiýasy 999 dollardan satylar. 


şu gün 10:10
161

Iň geçginli 10 smartfonyň bäşisi iPhone, dört sanysy Galaxy we birisi Xiaomi boldy

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Counterpoint analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň geçginli on smartfonyň sanawyna bäş sany Apple modeli, dört sany Samsung modeli we bir sany Xiaomi bar. Esasy iPhone 16 ikinji we üçünji orny eýelän iPhone 16 Pro Max-dan we iPhone 16 Pro-dan ozup, yzly-yzyna iki çärýek öňdebaryjy boldy...

düýn 23:11
3.4k+

Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max üýtgeşik dizaýna – yzky panelde displeýe eýe bolar

Xiaomi tötänden diýen ýaly maglumatlaryň syzmagyna ýol berdi: kompaniýanyň resmi akkaunty Weibo sosial ulgamynda gysga wagtlyk profil suratyny geljekki Xiaomi 17 Pro Max-yň renderi bilen çalyşdy. Suratyň tiz wagtdan aýrylandygyna garamazdan, ol muşdaklaryň we KHBS-iň arasynda ýaýrap ýetişdi...

düýn 09:46
5.5k+

Xiaomi iPhone bilen bäsleşmek üçin 16-njy seriýanyň üstünden böküp, Xiaomi 17-ni çykarar

Xiaomi kompaniýasy şu aý täze flagman smartfonlary bolan Xiaomi 17 Pro-ny we Xiaomi 17 Pro Max-y hödürlär. Öndüriji garaşylýan Xiaomi 16 modelini çykarmagyň ýerine, nomerini üýtgetmek we enjamlary iPhone 17 bilen deň bolar ýaly göni 17-nji seriýa geçmek kararyna geldi diýip, Bloomberg ýazýar...

15.09.2025 16:51
1.5k+

Google Pixel iň çalt ösýän premium-smartfon brendi boldy

Google Pixel brendi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda premium smartfonlaryň bazarynda rekord ösüşi görkezdi. Bu barada Counterpoint Research analitiki kompaniýasyna salgylanyp, 9to5Google habar berýär. Pixel smartfonlarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105% ýokarlandy...