"Barselona" futbol klubynyň stadionynyň birinji sapar adyny üýtgedýärler

  • 17.03.2022 09:49
  • 13494
"Barselona" futbol klubynyň stadionynyň birinji sapar adyny üýtgedýärler

"Barselona" ispan futbol klubynyň "Kamp Nou" stadiony, Spotify sazly internet-serwis bilen ylalaşyk baglaşylandan soň, başgaça atlandyrylar. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

"Barselona" sişenbe güni Spotify bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Ylalaşyk, 2022/23 möwsüminden başlap, dört ýyl hereket eder. Brendiň ady aýal we erkek toparlaryň oýun futbolkalarynda peýda bolar. 
Şeýle hem ylalaşyk "Barselonanyň" "Kamp Nou" stadionynyň adyny üýtgetmegi hem göz öňünde tutýar, ol klubyň täze hemaýatkäriniň adyny göterer, ýagny "Spotifaý Kamp Nou" diýip atlandyrylar. Stadionyň birinji sapar adyny üýtgedişi. "Kamp Nou" 1957-nji ýylda salyndy, ol 99 354 adam üçin niýetlenen.
Spotify saz kompozisiýalaryny, audiokitaplary we podkastlary, olary gurluşa ýükläp almazdan, diňlemäge mümkinçilik berýän striming serwis hasaplanýar.


şu gün 23:29
28

«Mançester Siti» dördünji gezek Angliýanyň Premýer ligasynyň çempiony boldy

«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer ligasynyň jemleýji tapgyrynda "West Hemi" 3:1 hasabynda utup, yzygider dördünji gezek çempionlyk titulyny gorady. Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen "Siti" 91 utuk toplady we ýaryşy...

şu gün 13:46
4692

Tomas Tuhel möwsümiň ahyrynda “Bawariýadan” gidýär

Germaniýaly Tomas Tuhel metbugat konferensiýasynda möwsümiň ahyrynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Ilkibaşda Tuheliň “Bawariýa” bilen...

şu gün 12:49
11456

Messiniň ilkinji şertnamasy ýazylan kagyz süpürgiç tas 1 million dollara satyldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň Ispaniýanyň “Barselonasy” bilen ilkinji şertnamasy ýazylan kagyz süpürgiç Britaniýanyň Bonhams auksionynda tas 900 müň ýewro satyldy. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp...

düýn 23:46
4722

Dortmundyň "Borussiýasy" täze öý oýun eşigini görkezdi

Dortmundyň “Borussiýasy” 2024/2025 möwsüm üçin täze öý oýun eşigi toplumyny hödürledi. Toplum adaty sary-gara reňklerde. Germaniýanyň futbol çempionatynyň 33 oýnundan soň Dortmundyň “Borussiýasynyň” hasabynda 60...