«Atletiko» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

  • 16.03.2022 15:31
  • 7.4k+

Ispaniýanyň «Atletiko» futbol kluby Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynyň jogap oýnunda «Mançester Ýunaýtedden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Mançesterde «Old Trafford» stadionynda geçirildi.

Ýeke-täk goly 41-nji minutda Renan Lodi geçirdi. Madridde geçirilen birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Iki oýnuň jemleri boýunça «Atletiko» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy. Onuň garşydaşy 18-nji martda geçiriljek bije çekilşikde belli bolar.
«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynda oýnan wagt dowamlylygy boýunça Iker Kasilýasyň rekordyny täzeledi. Kasilýasyň görkezijisi 15 908 minutdy. Ronaldu bu görkezijini «Atletiko» bilen duşuşygyň 47-nji minudynda geçdi.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 28-nji maýda Parižde geçiriler.


şu gün 13:21
3.1k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

şu gün 10:25
2.8k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi...

şu gün 10:04
1.4k+

«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)...

şu gün 09:44
3.4k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy...