Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda ýeňşi bilen gutlady

  • 15.03.2022 22:50
  • 1.2k+

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi gutlag hatynda Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady. Şeýle hem Raisi hatynda Eýranyň goňşy döwletleri bilen gatnaşyklarynda Türkmenistanyň aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

«Siziň alyhezretleriňizi we hormatly halkyňyzy Türkmenistanyň Prezidenti saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» - diýlip hatda aýdylýar.

«Geljekde hem Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejelerinde oňaýly ösüş depginine eýe boljakdygyna umyt edýärin» - diýip, goňşy döwletiň Baştutany belledi.


düýn 15:42
787

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
812

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.6k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......