Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady

Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedow Indian-Uellsde geçen turnirde özüniň başlangyç oýnunda çeh Tomaş Mahaçdan üstün çykdy.

Russiýaly iki setde 6:3, 6:2 hasap bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň dowamlylygy 1 sagat 12 minutdan ybarat boldy.
Indiki aýlawda Medwedow jübütler Filip Krainowiç (Serbiýa) - Gael Monfis (Fransiýa) dagynyň haýsy biri ýeňiş gazansa, şonuň bilen oýnaşar.
Medwedow Professional tennisçileriň assosiasiasynyň reýtinginiň başynda Ýewgeniý Kafelnikowdan we Marat Safinden soň taryhda üçünji rus oýunçysy boldy.
26-njy fewralda Medwedow Akapulko şäherinde geçen turniriň ýarymfinalynda ispan Rafael Nadaldan asgyn geldi, ýöne bu ýagdaý oňa ilkinji gezek dünýäniň iň gowy tennisçileriniň reýtinginiň başyny çekmäge päsgel bermedi. Ol ikinji orunda barýan Nowak Jokowiçden 150 utuk ozýar.
Şu möwsümde Medwedow Russiýanyň ýygyndysynyň düzüminde Dewisiň kubogynyň eýesi we 2021-nji ýylda Professional tennisçileriň assosiasiasynyň Kubogynyň ýeňijisi boldy.