Brent nebitiniň bahasy 2012-nji ýylyň martyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 128 dollardan geçdi

  • 07.03.2022 18:42
  • 4.4k+

2022-nji ýylyň maý aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 9,03% ýokarlanyp, bir barrel üçin 128,78 dollara ýetdi. Muny söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Aşgabat wagty bilen sagat 04:02-ä çenli Brent-iň bahasy bir barrel üçin 139 dollardan geçip, barreline 139,1 dollara ýetdi (+17,8%).
Soňky gezek Brent-iň bahasy 2012-nji ýylyň mart aýynda barreline 128 dollardan geçipdi.
WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 8,73% ýokarlanyp, bir barrel üçin 125,78 dollar boldy.


27.12.2025 13:07
9.4k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
4.9k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.3k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...