Köp çagaly enelere «Ene mähri» ady dakylar, döwrebap öýler sowgat berler

  • 05.03.2022 09:13
  • 18k+

4-nji martda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi we ýerli häkimliklere bu resminamany ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelnendigini habar berip, häkimliklere 8-nji mart baýramy mynasybetli zenanlara sowgatlaryň, mynasyp bolan enelere sylaglaryň we sowgat berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
516

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......