Aşgabatda Türkmenistanyň BMG agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň BMG agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi

3-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli utgaşykly görnüşde geçirilen “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny” atly dabaraly duşuşyga ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ornuny we wezipesini, onuň daşary syýasatynyň, içerki ösüşiniň esasy ýörelgelerini kesgitlän bu taryhy wakanyň wajypdygyna üns çekildi. Geçen 30 ýyl ýurdumyzyň BMG bilen türkmen halkynyň bähbitlerine kybap gelýän giň gerimli, maksada gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy saýlap almagynyň dogrudygyny we öňdengörüjiliklidigini aýdyň görkezdi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny belläp, döwletimiziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady gurallary herekete getirmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talap bildirilýär.

Foruma gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wezipeleri bilen gabat gelmeginiň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny durnukly dolandyrmak hem-de parnik gazlarynyň pes derejesi bolan «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek üçin täze mümkinçilikleri ulanmak bilen bagly ösüşi we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.