Nebitiň bahasy 2014-nji ýylyň awgustyndan bäri ilkinji sapar 111 $-dan geçdi

  • 02.03.2022 13:32
  • 2.9k+

ICE London biržasynda Brent kysymly nebitiň 2022-nji ýylyň maýynda goýberilmeli fýuçersleriniň bahasy 5, 83% artyp, her barreli 111,09$-a barabar boldy. Muňa Moskwa wagty bilen sagat 05:46-da geçen söwdanyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Moskwa wagty bilen sagat 05.50-de Brentiň bahasy 5, 32%-e çenli haýallap, her barrel üçin 110,55$ töwereginde söwdalaşyldy. Soňky gezek Brentiň bahasy 2014-nji ýylyň iýulynda her barreline 111$-dan geçipdi.
05.02 msk söwdalaşygyň maglumatlary boýunça fýuçersiň bahasy öňkiden 5,08% göterilip, barreli 110,3 $-a ýetdi.
05.15 msk Brentiň bahasy ösüşini 4,47%-e çenli haýalladyp, söwdalaşykda bahasy barreline 109,95 $ töwereginde oýnady.
04:50 msk maglumatlaryna görä, baha 4,01% galyp, 109,18 $-a ýetdi.
04:53 msk ýagdaýyna görä, Brentiň bahasy 4,2% göterilip, barreline 109,38 $ diýip söwdalaşyldy.
Öňýany 04:32 msk-da Brentiň barreli 108,17$-a çenli gymmatlapdy.
04.41 msk ýagdaýa görä Brentiň bahasynyň artyşy 3,32%-e ýetip, barreline 108,46$ diýip söwdalaşyldy.
WTI kysymly nebitiň fýuçersiniň bahasy 4,57% ýokarlanyp, barreli 107,98$-a ýetdi.


düýn 21:08
4.5k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...