Benedikt Kemberbetç Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyzy alar

  • 28.02.2022 12:27
  • 5k+

28-nji fewralda Los-Anjelesde britaniýaly aktýor Benedikt Kemberbetç üçin Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ady ýazylan ýyldyzyň açylyş dabarasy bolar. Bu barada film.ru neşiri ýazýar. 

Häzirkizaman Şerlok Holmsyň we Doktor Strenjiň keşbini ýerine ýetiriji meşhur taslamanyň çäginde ebedileşdiriljek 2714-nji adam bolar. Dabara Golliwudyň “Şöhrat alleýasynyň” saýtynda Ýuwaş umman wagty bilen irden 11:30-da göni ýaýlymda görkeziler. Bu çärede Marvel studiýasynyň ýolbaşçysy Kewin Faýgi we blokbasterleriň režissýory Jeý Jeý Abrams çykyş eder.

«Oskar» baýragyna dalaşgär Benedikt Kemberbetç döredijiligini kesgitleýän emosional taýdan güýçli we kyn keşpleriň ençemesini ýerine ýetirmek bilen, özüni öz nesliniň iň köp ugurly aktýorlarynyň biri hökmünde tanatdy. Ol Angliýanyň iň gymmatly eksport harytlarynyň biridir we biz ony Golliwudyň “Şöhrat” alleýasynda garşy alýandygymyza buýsanýarys» – diýip, guramaçylar aýdýar.

Ýatlap geçsek, 45 ýaşly aktýor “Itiň hökmürowany” filmindäki keşbi üçin “Oskar” baýragyna hödürlendi. Bu kartina bolsa “Iň gowy film” nominasiýasynda baýrak üçin dalaşgär boldy. 

düýn 20:52
2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.1k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.5k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......