Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

29-30-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada 25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Belelnilişi ýaly, daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.