Berdimuhamedow Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 23.02.2022 02:12
  • 5.8k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp, şunda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasynda dostluk köprülerini we özara düşünişmegi pugtalandyrýan ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna syn berýär.

Biz bilelikdäki iş toparyndan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk tekliplere garaşýarys diýip, türkmen Lideri nygtady.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Tatarystanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň köp sanlysy bilim alýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.


şu gün 21:40
1.4k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

şu gün 13:21
8.9k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

şu gün 13:04
8.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

şu gün 12:56
8.1k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...