Aziýanyň Kubogy – 2023-iň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

  • 21.02.2022 17:29
  • 12k+

2023-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär. 

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 6 ýurdy – Hindistany, Kuweýti, Gyrgyzystany, Malaýziýany, Mongoliýany we Özbegistany oýunlary kabul ediji hökmünde tassyklady. Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna 24 topar gatnaşar. Ýaryşa eýýäm 13 topar, şol sanda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň hojaýyny bolan Hytaýyň milli ýygyndysy hem saýlandy. Galan 12 topar – Siriýa, Awstraliýa, Eýran, Saud Arabystany, Ýaponiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Oman, Yrak, Wýetnam, Hytaý we Liwan.

Galan ýollamalar üçin 24 milli ýygyndy bäsleşer, olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. 
Häzirki wagtda sebetleriň düzümi şeýle görnüşde:
Kabul edýän tarap: Özbegistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Kuweýt, Malaýziýa, Mongoliýa.

  • 1-nji sebet: Bahreýn, Iordaniýa, Palestina.
  • 2-nji sebet: Tailand, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Gonkong.
  • 3-nji sebet: Owganystan, Ýemen, Mýanma, Maldiwler, Indoneziýa.
  • 4-nji sebet: Singapur, Nepal, Kamboja, Bangladeş, Şri-Lanka. 

2023-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýunlary üçin bije çekişik 24-nji fewralda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Bije çekişigiň netijesinde her biri 4 topardan ybarat 6 toparça emele geler. Saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary bir tegelege merkezleşdirilen görnüşde 2022-nji ýylyň 8, 11 we 14-nji iýunynda geçiriler.
Aziýanyň Kubogy – 2023-iň final bölegine 11 topar çykar – toparçalaryň 6 ýeňijisi, şeýle-de iň gowy netijeler bilen ikinji orunlary eýelän 5 topar.
Aziýanyň Kubogy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Hytaýda başlar. Ýaryşyň oýunlaryny 10 şäher kabul eder: Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou. 


şu gün 15:30
2.5k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

düýn 21:12
3.1k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

düýn 00:14
4.1k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....

11.04.2026 23:40
3.3k+

Buharestde täze guruljak stadiona Luçeskunyň ady dakylar

Buharestde «Dinamo» futbol klubunyň täze stadionyna ýakynda aradan çykan tälimçi Mirça Luçeskunyň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Bu barada Rumyniýanyň içeri işler ministri Ketelin Predoýu habar berdi diýip,......