Tailandyň paýtagty adyny üýtgeder

Tailandyň paýtagty adyny üýtgeder

Tailandyň Patyşalyk jemgyýetiniň edarasy (ORST) Bangkok şäheriniň Krung Thep Maha Nakhon diýlip atlandyryljakdygyny habar berdi. Bu at taý dilinde “Perişdeleriň şäheri Beýik paýtagt” diýen manyny berýär diýip, “Bangkok Post” ýazýar.

Sosial ulgamlarda täze karar tankyt edilenden soň, ORST şäheriň öňki adynyň gadagan edilmejekdigini, resmi resminamalarda onuň täze adyň yzyndan ýaýyň içinde görkeziljekdigini aýtdy. 
Hökümet 15-nji fewralda premýer-ministriň ofisiniň degişli kanun taslamasyny makullady. Paýtagtyň täze ady kanun taslamasy ähli kanun taslamalaryny gözden geçirýän ýörite komissiýa tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer. Ondan Tailandyň Daşary işler ministrliginiň belliklerini göz öňünde tutmak haýyş edildi.  
Kanun taslamasy ýurtlaryň, çäkleriň, administratiw birlikleriň we şäherleriň ýazylyşyny hem-de atlaryny gözden geçirmek we aktuallaşdyrmak bilen meşgullanýan ORST komiteti tarapyndan teklip edildi. 
Bu taslamada döwlet işgärleri Italiýanyň paýtagty Rimiň iki hili ýazylyşyny, Nepal patyşalygynyň adynyň Nepal Federal Demokratik Respublikasy diýlip üýtgedilmegini görkezdiler we Mýanmanyň paýtagtynyň indi Ýangon däl-de, Neýpidodygyny bellediler.