OPEK ýurtlary meýilleşdirilişinden az nebit öndürdiler

  • 15.02.2022 19:42
  • 3.1k+

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda OPEK ýurtlary nebit önümçiligini günde 64 müň barrel (b/g) ýokarlandyryp, 27,98 mln b/g ýetirdiler. Bu barada Day.Az-yň bellemegine görä, OPEK-iň fewral hasabatynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär. 

Ýanwar aýynda şertnama gatnaşyjylaryň önümçiligi göz öňünde tutulan 24,554 mln b/g garşy 23,8 mln b/g boldy.

OPEK+ birleşigi hökmünde-de belli bolan Wena şertnamasynyň ýurtlary 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri nebit önümçiligini azaldýarlar, ýöne 2021-nji ýylyň başyndan ony kem-kemden dikeldip başladylar. Şeýlelikde, geçen ýylyň awgust aýyndan şu ýylyň mart aýyna çenli olar aýda 400 müň b/g artdyryp bilerler.

OPEK-iň maglumatlaryna görä, ýanwar aýynda Saud Arabystanynda (OPEK-de iň uly nebit öndüriji) nebit önümçiligi meýilleşdirilen 10,122 mln b/g deregine 9,99 mln b/g boldy (dekabr aýyna garanyňda 54 müň b/g ösüş). Nigeriýa nebit önümçiligini 81 müň b/g, ýagny 1,4 mln b/g çenli ýokarlandyrdy, ýöne meýilnama boýunça 1,68 mln b/g bolmalydy. Yrak nebit önümçiligini 27 müň b/g, ýagny 4,25 mln b/g çenli azaltdy, aslynda 4,28 mln b/g öndürilmelidi. BAE öz kwotasyny ýerine ýetirýär – ýanwar aýynda ösüş 44 müň b/g bolup, 2,92 mln b/g ýetdi, meýilnama boýunça 2,91 mln b/g bolmalydy.

Nebit önümçiligini azaltmak baradaky OPEK+ şertnamasyna gatnaşyjylar Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň 13 agzasynyň 10-sydyr, sebäbi Eýran, Liwiýa we Wenesuela çäklendirmelerden boşadyldy.


şu gün 11:54
2.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.2k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
1.9k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......