Dänew etrap häkimligine ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy

  • 15.02.2022 12:54
  • 8.5k+

14-nji fewralda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň netijeleri 11-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen maglumatlar bilen tanşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly desgalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, medeni dynç alşy guramak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dänew etrabynyň zähmetkeşlerine iberen Gutlagy okaldy. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyny bellediler.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......