Adidas kompaniýasy Kurt Zuma bilen şertnamany ýatyrdy

Adidas kompaniýasy Kurt Zuma bilen şertnamany ýatyrdy

“West Hemiň” goragçysy Kurt Zuma Adidas kompaniýasy bilen hemaýatkärlik şertnamasyny ýitirdi.

“Biz derňewlerimizi tamamladyk we indi Kurt Zumanyň Adidas bilen şertnama boýunça işleýän türgen däldigini tassyklap bilýäris” – diýlip, Sky Sports tarapyndan getirilýän kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, öň internet torunda fransiýaly futbolçynyň öz pişiginiň üstünden gülýändigi barada wideo peýda boldy. Haýwanlara zulum etmegiň öňüni almak boýunça patyşalyk jemgyýeti (RSPCA) Zumdan öý haýwanlaryny alyp, barlag üçin weterinara tabşyrdy. Haýwanlar derňew işleri dowam edýärkä, haýyr-sahawat guramasynyň gözegçiliginde bolarlar. RSPCA kazyýete hem şikaýat etdi. “West Hem” Zuma 250 müň funt sterling jerime saldy.
Ýatladyp geçsek, Zuma 2021-nji ýylda “Çelsiden” “West Heme” geçdi. Häzirki möwsümde 27 ýaşly goragçy Angliýanyň Premýer-ligasynda 13 oýna gatnaşyp, 1 gol geçirdi.