II çärýekde Adidas-yň arassa girdejisi 3,5 esse azaldy

  • 05.08.2023 11:50
  • 3.9k+

Sport harytlaryny öndüriji Adidas AG 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini bir ýyl ozalky 294 mln ýewrodan 84 mln ýewro çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň çärýek girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 5%, 5,34 mlrd ýewro çenli azaldy. EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika) girdeji 4,8% (walýuta hümmetiniň üýtgemelerini hasaba almazdan 0,8%) azalyp, 1,98 mlrd ýewro boldy.
Demirgazyk Amerikada görkeziji 18,1% (16,4%), 1,4 mlrd ýewro çenli pese gaçdy, Hytaýda (Gonkong we Taýwan bilen birlikde) 6,5% (16,4%), 766 mln ýewro çenli ýokarlandy.
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde satuw üýtgemedi diýen ýaly (7% ýokarlandy), ol 550 mln ýewro boldy, Latyn Amerikasynda bolsa 16,4% (29,8%), 596 mln ýewro çenli ýokarlandy.
Kompaniýanyň operasion girdejisi aprel – iýun aýlarynda bir ýyl ozalky 392 mln ýewrodan 176 mln ýewro çenli azaldy.
2023-nji ýylda Adidas girdejiniň, walýuta hümmetiniň üýtgemegini hasaba almazdan, 4-6% peselmegine garaşýar. Operasion ýitginiň bolsa 450 mln ýewro bolmagyna garaşylýar.


20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

15.04.2026 14:39
2.4k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...

26.04.2024 11:31
11k+

Adidas bilen Nike zolak çyzyklaryň üstünde dawalaşýar. Germaniýada apellýasiýa prosesi başlady

Germaniýanyň Adidas kompaniýasy bilen amerikaly ägirt Nike ýene-de kazyýetde garşylaşdylar. Dawa Adidas-yň öz dizaýnynyň bir bölegi hökmünde üç sany parallel zolagy ulanmagynyň üstünde başlady diýip, Die Zeit gazeti...