«Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl-8» Tom Kruzyň keşbi üçin iň soňky bolar

  • 13.02.2022 10:40
  • 6k+

“Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl” franşizasynyň sekizinji bölümi jemleýji bolup, agent Itan Hantyň wakasynyň kulminasion finaly bolar.

Variety neşirine salgylanyp, film.ru saýtynyň habar bermegine görä, seriýanyň sekizinji bölümi Tom Kruz üçin final bolar. Franşizany has ýokary derejede soňlamak meýilleşdirilýär, muny filmi döretmek üçin edilen çykdajylar hem delillendirýär. Mysal hökmünde, sekizinji filmden öň uly intriga bilen tamamlanjak ýedinji bölümiň býujeti 290 mln dollar boldy. Şeýle mukdar birnäçe nuanslar, şol sanda Covid-19 sebäpli önümçilikde ýüze çykan kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr.

“Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl-7” filminiň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykmagyna garaşylýar, jemleýji sekizinji bölümiň premýerasy bolsa 2024-nji ýylyň 28-nji iýunyna meýilleşdirilýär.

şu gün 10:48
616

Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy

Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi. 2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy...

düýn 18:06
8.5k+

Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar

Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar...

düýn 13:35
4.8k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär...

düýn 11:34
1.8k+

Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär...