Türkiýedäki türkmen diplomaty «Anadolu» agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 11.02.2022 00:58
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew "Anadolu" agenliginiň Ankaradaky merkezi edarasynda bolup, onuň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Agentligiň Baş direktory Serdar Karagöz bu öňdebaryjy habarlar gullugynyň alyp barýan iş ugurlary barada gürrüň berdi.

Türkmen diplomaty, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada nygtap, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde şu ugurda-da degişli ylalaşyklara gol çekilendigini aýtdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň "Anadolu" agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk hem bar. 


düýn 23:23
616

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....