Bill Geýts “Indiki pandemiýanyň öňüni nädip almaly” atly kitaby ýazdy

Bill Geýts “Indiki pandemiýanyň öňüni nädip almaly” atly kitaby ýazdy

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts “Indiki pandemiýanyň öňüni nädip almaly” (How to Prevent the Next Pandemic) atly kitaby ýazdy. Onda telekeçi geljekde pandemiýalaryň öňüni almaga, şeýle-de dünýädäki ähli adamlar üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny üpjün etmäge kömek etjek ädimleri görkezýär.

“Men COVID-19 ýüze çykany bäri ony yzarlaýaryn, Gates Foundation hünärmenleri we has adalatly jogap çäreleri ugrunda çykyş edýän hem-de onlarça ýyl bäri ýokanç kesellere garşy göreşýän beýleki hünärmenler bilen işleşýärin. Bu işiň dowamynda men pandemiýa we indiki pandemiýanyň öňüni nähili almalydygy barada köp zatlary bildim we bu bilimlerimi adamlar bilen paýlaşmak isleýärin. Şonuň üçin men indi hiç kim pandemiýadan ejir çekmez ýaly näme edip biljekdigimiz barada kitap ýazyp başladym” – diýip, Geýts öz blogynda belleýär.

Telekeçiniň aýtmagyna görä, kitapda adamzadyň koronawirus pandemiýasyndan alyp biljek sapaklary, adam janyny halas etmek üçin zerur bolan innowasiýalar, patogenleriň öz wagtynda ýaýramagynyň öňüni almak üçin gerek bolan gurallar barada gürrüň edilýär. Mundan başga-da, Geýts ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri Entoni Fauçi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus bilen söhbetdeşligi barada beýan eder. 
Kitabyň 3-nji maýda neşir edilmegine garaşylýar.