Raşid Meredow Ysraýylyň syýahatçylyk ministri bilen telefonda gürleşdi

  • 10.02.2022 09:15
  • 4.8k+

9-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan-da, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da, syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.


düýn 18:53
5k+

ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz baryp biler. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär...

03.11.2025 12:11
3.4k+

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar

Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar...

02.11.2025 23:51
4.8k+

Barselonadaky Sagrada Familiýa ybadathanasy dünýäde iň beýik ybadathana boldy

Barselonanyň binagärlik dürdänesi bolan Sagrada Familiýa ybadathanasy merkezi binanyň üstünde haçyň täze bölegi oturdylandan soň resmi taýdan dünýäde iň beýik ybadathana boldy diýip, Associated Press habar berýär...

29.10.2025 11:10
4.7k+

Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler

Mongoliýada adaty bolmadyk syýahatçylyk taslamasy işlenip düzülýär: Gobi çölünde myhmanlar Marsdaky ýaly şertlerde ýaşaýşy başdan geçirip bilerler. Bu başlangyjy Ulan-Batorda ýerleşýän MARS-V guramasy amala aşyrýar...