Erik Lamela ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň baýragyna mynasyp boldy

  • 18.01.2022 12:29
  • 5.6k+

Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Erik Lamela Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) görä, ýylyň iň owadan golunyň awtory hökmünde Ferens Puşkaş adyndaky baýraga mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Lamelanyň bu goly 2021-nji ýylyň 14-nji martynda Angliýanyň çempionatynyň «Arsenala» garşy oýnunda geçirildi, argentinaly futbolçy «Tottenhem» üçin çykyş etdi. Dalaşgärleriň gysga sanawyna Lewerkuzeniň «Baýeriniň» we Çehiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Patrik Şikiň hem-de Portugaliýanyň «Portu» toparynyň we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Tareminiň gollary hem goşuldy.
Geçen ýyl Puşkaş baýragyna «Tottenhemiň» günorta koreýaly hüjümçisi Son Hyn Min eýe boldy.
Daniýanyň lukmançylyk ştaby we milli ýygyndysynyň oýunçylary futbol jemgyýetinde adalatly oýnuň we rehimdarlygyň ruhuna kybap gelýän nusga ederlik hereketleri üçin gowşurylýan Fair Play baýragyny aldylar. Bu baýrak 12-nji iýunda Ýewropa çempionatynyň Kopengagende Daniýanyň we Finlýandiýanyň toparlarynyň arasynda geçirilen oýnunda meýdançada ýürek durmasyny başdan geçiren daniýaly ýarym goragçy Kristian Eriksene kömek edilendigi üçin berildi.
Iň gowy janköýerler üçin FIFA Fan Award baýragyna Erikseni goldan Daniýanyň we Finlýandiýanyň milli ýygyndylarynyň janköýerleri mynasyp boldy.


şu gün 12:18
444

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

şu gün 12:16
241

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
5.1k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.7k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....