«Möý adam 3» girdeji ýygymy boýunça «Gara panteradan» öňe geçmegi başardy

  • 17.01.2022 01:09
  • 9.6k+

«Deadline» neşiriniň ýazmagyna görä, 2021-nji ýylyň blokbasteri «Möý adam: Öýe ýol ýok» watany ABŞ-da, şeýle-de tutuş dünýäde girdeji ýygymy boýunça garaşylmadyk netijeleri görkezýär. Ýagny, dynç günleriniň dowamynda film amerikan prokatynda girdeji ýygymyny 705 mln dollara ýetirmegi başardy. Bu barada csn-tv.ru belleýär. 

Şeýle görkeziji bilen ol Marvel-iň “Gara pantera” filminden öňe geçdi. Indi ol Demirgazyk Amerikada çykan iň üstünlikli kino taslamalarynyň sanawynda dördünji orunda ýerleşýär. Ondan öňde “Awatar” (760 mln dollar), “Ar alyjylar 4: Final” (858 mln dollar) we “Ýyldyz söweşijileri: Epizod 7 – Güýjüň oýanmagy” (936 mln dollar) filmleri bar.

Super gahrymanyň we onuň keşbini ýerine ýetiriji Tom Hollandyň muşdaklary öň Marvel we Sony studiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan habar berlişi ýaly, iň bolmanda, ýene bir filmde olary bilelikde görerler. 


şu gün 11:43
1.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....