Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geler

  • 14.01.2022 23:18
  • 7.4k+

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Maulwi Amir Han Mottaki ýokary derejeli wekiliýet bilen Türkmenistana sapar bilen ugrady. Bu barada Pajhwok agentligi Owganystanyň DIM-niň resmi wekiliniň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Onuň habar bermegine görä, Türkmenistanyň çakylygy bilen Aşgabada ugran wekiliýet kabul edýän ýurduň resmi taraplary bilen ikitaraplaýyn söwdany, energetika, demir ýollaryň gurluşygy, TOPH we TOP hem-de beýleki taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşar.
Neşiriň bellemegine görä, bir hepde mundan öň, Mottaki Eýrana sapar bilen bardy we Eýranyň resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça gepleşikleri geçirdi.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......