Samsung dünýäde ilkinji 240 Gerslik 4K monitoryny tanyşdyrdy

  • 05.01.2022 18:15
  • 8.9k+

Samsung Electronics kompaniýasy CES 2022 elektronika sergisinde birnäçe täze monitorlary, şol sanda täzelenme tizligi 240 Gers bolan dünýäde ilkinji 4K monitoryny tanyşdyrar. Bu barada astera.ru habar berýär.

Täzelenme tizligi 240 Gers bolan dünýäde ilkinji 4K monitory sergide Samsung-yň esasy täzelikleriniň biri bolar. Quantum Mini LED tehnologiýasynyň esasynda döredilen bu 32 dýuýmlyk panel iň ýokary derejesinde 2000 nit ýagtylyk berýär.
Şeýle hem, sergide Samsung S8 monitory tanyşdyrdylar. Ol iki ölçegde - 27 we 32 dýuýmda köpçülige hödürlener. Bu monitor Underwriters Laboratories standartynyň hasabyna köp wagtlap seretmäge mümkinçilik berer, sebäbi şöhlä garşy ulgam göze düşýän agramy ep-esli azaldar.
Samsung-yň üçünji täzeligi “Smart Monitor M8” bolup, onuň öz programma üpjünçiliginiň bardygy we kompýuterden aýratyn işläp bilýändigi eýýäm mälimdir. Bu monitoryň aýratynlyklary hökmünde kamerasy we özünde gelýän Google Duo programmasy görkezilýär.


11.04.2025 16:31
5.5k+

Samsung bir gezeklik zarýad bilen 200 güne çenli işläp bilýän ekranyny tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy täze Color E-Paper (EM32DX modeli) ekranyny hödürledi. Bu ekran energiýany asla sarp etmeýär diýen ýaly. Reňkli statik şekilleriň görkezilýän mahaly ekran 0,00 Wt güýç ulanýar. Samsung-yň habar...

06.03.2025 14:37
2.2k+

Oppo Find N5 eplenýän smartfonlaryň arasynda zarýady iň uzaga gidýäni bolup çykdy

PhoneBuff  YouTube kanalynyň awtorlary eplenýän smartfonlaryň awtonomlygyny (batareýalarynyň işläp biliş dowamlylygyny) barlap görmek üçin synag geçirdi. Oňa Oppo Find N5, Galaxy Z Fold 6 we Pixel 9 Pro Fold gatnaşdy...

14.02.2025 23:13
3.8k+

Samsung dünýäniň iň uly reňkli elektron kagyz displeýini tanyşdyrdy

Integrated Systems Europe (ISE) 2025 sergisinde Samsung Electronics kompaniýasy köp sanly özboluşly tehnologiýalary tanyşdyrdy. Olaryň arasynda dünýäniň iň uly reňkli elektron kagyz displeýi hem bardy. EMDX modelleriniň...

07.02.2025 18:41
13k+

iPhone 16 Pro bilen Samsung Galaxy S25 Ultra iş ýüzünde deňeşdirildi

Samsung Galaxy S25 Ultra we iPhone 16 Pro smartfonlary emeli aňyň kömegi bilen taýýar suratlardan obýektleri aýyrmak mümkinçiligine eýe boldy. Samsung-da bu funksiýa öňki nesil smartfonlarynda peýda bolupdy, Samsung...