TMCARS: «Täze ýylyňyz gutly bolsun!»

  • 31.12.2021 21:21
  • 50k+

Täze ýyl baýramynyň ähli maşgalany bir saçagyň başyna jemleýşi ýaly, ýylyň dowamynda ähli ildeşlerimizi bir saýtyň başyna jemlemegi başarýan TMCARS-yň döredijilik topary Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli halkymyzy, hormatly Prezidentimizi Täze 2022-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Özüňize, öý-ojaklaryňyza ilkinji nobatda saglyk, agzybirlik, abraý arzuw edýäris!
Täze ýyl ählimiz üçin ähli gowulyklaryň, şowlulyklaryň we rowaçlyklaryň ýyly bolsun!

Durmuşda iň ähmiýetli zatlaryň biri özüňi gyzyklandyrýan hem-de zerur zatlary elýeteriňden tapyp bilmek ýa-da harydyňy mynasyp bahasyna ýerläp bilmekdir. Turuwbaşdan şeýle ähmiýetli wezipäni ýola goýan TMCARS gysga wagtyň içinde ulanyjylaryň ynamyny gazanmagy başardy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmak arkaly adamlaryň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmek, birek-birege ýakynlaşdyrmak, täze mümkinçilikleri ýola goýmak babatda tejribe toplanyldy. Saýtymyza agza bolýanlaryň sanynyň gün-günden artýandygy hem muny tassyklaýar. Ynam, ygtybarlylyk, hil we döredijilikli çemeleşme — saýtymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Döwrüň ösüş tizligi bilen deň gadam basýan saýtymyz alyp barýan işleriniň gerimini giňeldýär. Ýurdumyzda hem-de dünýäde bolýan möhüm täzelikleri, zerur maglumatlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmekde hem baý iş tejribesiniň toplanandygyny ýatlamak isleýäris. Bu babatda TMCARS.info ýurdumyzyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda maglumatlaryň ygtybarlylygy, habarlaryň çaltlygy (dessinligi), okyjylara düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýandyr.

Saýtymyzyň agzalarynyň we okyjylarynyň ynamy bizi has-da döredijilikli we jogapkärçilikli işlemäge ruhlandyrýar. Geljekde hem saýtymyzyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, okyjy auditoriýaymyzy artdyrmak üçin yhlas etjekdigimize ynandyrýarys. TmCars.info ýene bir gezek Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli türkmen halkyny, şeýle hem hormatly Prezidentimizi Täze, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
Goý, täze ýyl rysgally, bereketli, döwletli we düşümli ýyl bolsun!
Il-ýurt we özüňiz üçin beslän asylly arzuw-hyýallaryňyz hasyl bolsun!
Hemişe TmCars.info bilen galyň!

düýn 20:09
3.1k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar...

düýn 20:07
4.1k+

Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär. Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy...

düýn 17:40
1.9k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

düýn 17:28
1.5k+

Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi. Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar...